• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Ýurduň dokma kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlyk görýärler

  29.07.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary täze okuw ýyly üçin mekdep lybaslaryny tikmäge başladylar.

Paýtagtymyzdaky “Altyn Asyr” kärhanasynda oglanlar üçin penjekler, balaklar, galstuklar tikilýär. Gyzlar üçin köýnekler we öňlükler “Bahar” tikinçilik kärhanasynda taýýarlanylýar. Eýýäm ýüzlerçe görnüşli mekdep lybaslary— köýnekler, penjekler, ak öňlükler, şeýle-de zähmet sapaklary üçin halatlar taýyn edildi.

Marynyň “Ýeňiş” tikinçilik kärhanasy bolsa, oglanlara mekdep üçin ak köýnek öndürýär.

Zähmet sapagy üçin uniformany - halatlary, ellikleri, öňlükleri Türkmenabadyň we Berekediň tikinçilik kärhanalary, şol sanda Daşoguzdaky “Çeper” kärhanasy öndürýär. Aşgabatdaky modalara öýünde bolsa çagalar üçin ýyly jemperler örülýär.

Gökdepe we Gypjak dokma toplumlarynda sport lybaslarynyň täze toplumyny çykarmak göz öňünde tutulýar.

Eýýäm şu günlerde mekdep lybaslarynyň täze toplumyny “Altyn Asyr” söwda merkezinden, kärhanalaryň dükanlaryndan we Aşgabadyň söwda nokatlaryndan satyn almak bolýar. Ýeri gelende, 1-nji awgustda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdep bazarlary açylyp, onda müşderilere mekdep egin-eşikleriniň we aýakgaplaryň dürli görnüşleriniň hödürlenjekdigini bellemeli.

Bu günki gün dokmaçylar mekdep ýarmarkasynda çagalary we ululary rahat egin-eşikler we aýakgaplar bilen begendirmäge çalyşýarlar.