• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Ýurdumyzyň dokma kärhanalary türkmen alabaýynyň şanyna guralýan sergä gatnaşýar

  26.01.2022

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda milli itşynaslyk ýörelgelerine bagyşlanan «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we onuň çäklerinde mowzuklaýyn sergi öz işine başlady.

Sergide ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn ministrlikleri we edara-kärhanalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Dokma senagatynyň kärhanalary hem öz üstünliklerini görkezdiler. Ministrlige degişli diwarlyklarda türkmen alabaýynyň şekili we keşbi bilen bezelen döwrebap egin-eşikler ýerleşdirildi.

Çagalar hem-de ulular üçin niýetlenilen gündelik egin-eşikleriň ähli görnüşleri ýokary hilli pagta trikotažyndan taýýarlanylýar.