Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlary alyjylara möwsüme laýyk önümleri hödürleýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilýän çagalar we uly ýaşly adamlar üçin niýetlenilen egin-eşik we aýakgap önümleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän söwda dükanlarynda alyjylara hödürlenilýär. Şu günler ministrligiň kärhanalaryna degişli bolan söwda dükanlary ýaz hem-de tomus möwsümine niýetlenilip öndürilen täze önümler bilen üpjün edilýär.
Ýakynda, 30-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler boýunça beren hasabatyny diňläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we G.Müşşikowa halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz ýurdumyzda öndürilip bilinjek harytlaryň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak babatda işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Dokma senagaty ministrliginiň işi bilen baglylykda aýratyn nygtamak bilen, döwrebap we ýylyň ähli möwsümlerine laýyk aýakgaplary we egin-eşikleri öndürmegiň, bu babatda alyjylaryň isleglerini yzygiderli nazara almagyň zerurdygyny belledi.
Häzirki wagtda ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän egin-eşik we aýakgap harytlarynyň ýerini tutup biljek döwrebap hem-de ýokary hilli önümleri öndürmek wezipesi Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ministrligiň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň ilatyň isleglerini içgin öwrenmek esasynda taýýarlanylmagy boýunça beren nobatdaky tabşyryklary önümleriň islegliligini artdymaga has-da uly itergi berer.