• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Ýurdumyzyň dokma senagaty ministrliginiň ýene bir kärhanasy ýarym ýyllyk iş meýilnamasyny ýerine ýetirdi

  26.07.2021

Bereket tikinçilik kärhanasynda (Balkan welaýaty) 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 8 million 372 müň manada deň bolan jemi 271 831 sany tikin önümleri öndürildi. Şunuň bilen baglylykda, kärhananyň öňünde goýlan önümçilik meýilnamasy 141 göterim ýerine ýetirildi.

Bereket tikinçilik kärhanasy 2011-nji ýylda öz işine başlady. Kärhanada ornaşdyrylan Türkiýäniň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň ýokary hilli tehnologiýa enjamlarynyň kömegi bu ýerde dokma harytlarynyň dürli görnüşleri öndürilip, olar ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýar.

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň garamagyna çig mal önümlerini gaýtadan işleýän we taýýar dokma harytlaryny öndürýän 80-den gowrak kärhana degişlidir. Bu kärhanalar tarapyndan öndürilýän harytlaryň aglaba bölegi daşary döwletlere eksport edilýär.