Ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürmek möwsümi başlandy
Ýakynda ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürmek möwsümine girişildi. Bu möhüm möwsümiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi hakynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýewe we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmegiň hem-de kärendeçi ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, bu ugurda bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, ýüpekçiler bilen şertnamalary öz wagtynda baglaşmak bilen bagly tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda 2021-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ýüpekçi kärendeçileriň dokma toplumyna zerur bolan gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.